Gurhan Radiosy 4+

Ahmet Kemal Ceylan

专为 iPhone 设计

    • 免费

iPhone 截屏

简介

Eziz adamlar, size tehnologiýanyň mümkünçiliklerinden peýdalanyp Türkmen dilinde
Gurhan radiosyny hödürleýäris. Islän ýeriňizde, islän wagtyňyz mukaddes Gurhan sürelerini Türkmen dilinde diňläp bilersiňiz. Şeýle hem dünýäniň niresinde bolsaňyzam namaz wagtlaryny, Kybla tapýan bölümi, saýlanan dogalar bölümini programmamyzdan tapyp bilersiňiz.
Şeýle uly proýekti etmäge mümkünçilik tapanymyz üçin Allatagala ýüz müň kerem şükür edýäris. Ylahym biziň hemmämizi, külli Türkmen ilini dogry ýoldan aýyrmasyn we bizi hak ýolda üstünlige ýetirsin.

Öz ene dilimizde Gurhan Radiosyny taýýarlamagymyza pygamberimiz Hz.Muhammet (s.a.w) sallallahu aleýhi we sellemiň şu mübärek sözleri itergi berdi:

Allatagala gürrüňsiz bu Kuran bilen amal edýän we okaýan kowumlary beýgelder. Onuň bilen amal etmeýänleri we ony okamaýanlary bolsa peselder.
(Hz.Muhammet (s.a.w)

Haçan-da Türkmenler Gurhan okap, düşünip, şonuň bilen amal eden wagtlary beýgeldiler. Haçan-da bolsa Gurhan okap, onuň bilen amal etmegi taşlan wagtlary bolsa har boldular. Hiç wagtam galyp bilmediler. Bize düşen hem dünýä hem ahyrýet bilen bagly işlerimizi Gurhan nukdaýnazaryndan seretmek we ýerine ýetirmek bolmalydyr. Şany belent Gurhan hemmämizi ylym-bilim, tehnologiýa, kär edinmek, halal hem döwletli baýlyk gazanmak bilen hem dünýäde güýçlenmegi, ybadat, namaz, dileg-doga, zikir, şükür, sadaka, zekat we Alla söýgüsi bilen bolsa ahyrýetimize inwestisiýa etmäge çagyrýar. Bu işleri eden çagyňyz hem esasy maksat diňe Allanyň razylygyny gazanmak bolmaly. Magtymguly hezretleriniň aýdyşy ýaly: “Minnet bilen kylnan namaz ýol almaz”.

Gurhany diňe metjitlerde okalýan kitapdyr öýtmän durmuşymyzyň her pursadynda okamagymyz we diňlemegimiz gerek. Eliňizdäki programma islän ýeriňizde (işde, öýde, ýolda, maşynda...) öz ene diliňizde Gurhan mealyny diňlemäge mümkinçilik berýär.
Şany belent Gurhan hem bu dünýämizi hem ahyrýetimizi ýagtyltjak çyragdyr, ýolbeletdir. Bu ýoly yzarlanlar Allaň kömegi bilen azaşmadylar, ýoluny ýitirmediler.
Mukaddes Gurhan bize şuwagt suw ýaly zerur. Uludan-kiçä Gurhana düşünmegimiz we amal etmegimiz gerek. Başardygymyzdan programmany taýýarlamaga çalyşdyk. Gurhan radiosy näçe köp adama ýetse, köp adamlar bilen şu programmany paýlaşsaňyz, bize ýene-de täze programmalary ýasamaga hujuw berer. Şeýle programmalaryň sanynyň köpelmegi üçin köp adama şu programmany ugratsaňyz minnetdar bolardyk. Şeýle hem sogabyna şärik bolarsyňyz.
Bar arzuwym eziz halkymyň ýene-de Yslamyň we Gurhanyň hakyky mirasdüşer kowmy bolmagy...

新内容

版本 4.0

Fixed some bugs.

App 隐私

开发者“Ahmet Kemal Ceylan”已表明该 App 的隐私规范可能包括了下述的数据处理方式。有关更多信息,请参阅开发者隐私政策

未收集数据

开发者不会从此 App 中收集任何数据。

隐私处理规范可能基于你使用的功能或你的年龄等因素而有所不同。了解更多

更多来自此开发人员的 App

Yslam Nury
教育
Haýyrly Dogalar Kitaby
教育
Hakykat näme?
教育
Iman Hazynasy
教育
Namaz Kitaby TM
图书
Alcorão Sagrado
教育

你可能也会喜欢

Mukaddes kitap (Tk)
教育
eMekdep
教育
Turkmen-English Dictionary
教育
Ashgabat airport
参考资料
English To Turkmen Translator
教育
Turkmen/English Dictionary
参考资料