iPhone Screenshots

Description

Brandcoll Applikasiýasy Bilen Ähli Gerekli Zatlaryňyz Gapyňyzda!

Brandcoll applikasiýasy bilen söwdanyň lezzetini artdyryň. Applikasiýany ýükläp, ähli gerekli harytlaryňyzy ýekeje applikasiýada tapyp bilersiňiz. Nirede bolsaňyzam, islendik wagtda Brandcoll applikasiýasy bilen siz markalaryň möwsümleýin täze harytlary, gündelik ýörite aksiýalar we başga hiç ýerde gabat gelmeýän arzanladyşlar bilen tanşyp bilersiňiz. Egin-eşiklerden kompýuterlere, sport enjamlaryndan şahsy ideg serişdelerine, aksessuarlardan mebellere, kosmetiki serişdelerinden çaga eşiklerine çenli ähli gerekli harytlaryňyzy ýekeje düwmä basmak arkaly alyň. Siziň etmeli ýekeje zadyňyz ‒‒ saýlan harytlaryňyzy sebediňize goşmak.

Brandcoll Applikasiýasynda Nämeler Bar?

Size gerek bolan ähli zat bar. Möwsümiň iň köp isleg bildirilýän egin-eşikleriniň, aýakgapdyr şypbyklarynyň, sport egin-eşikleridir enjamlarynyň, hojalyk harytlarynyň dürli görnüşlerini iň amatly bahadan tapyp boljak ýer ‒‒ Brandcoll applikasiýasy. Şeýle hem öý bezeglerinden bäbekleriň gerek zatlaryna, kosmetikadan şahsy ideg serişdelerine çenli dürli kategoriýalardaky gözleýän harytlaryňyz bu ýerde Size garaşýar! Brandcoll applikasiýasy arkaly öý we ofis mebelleri, çaga arlyklary, çaga oýunjaklary, elektroniki enjamlar we aksessuarlar ýaly dürli kategoriýalardan oturan ýeriňizde dessine söwda edip bilersiňiz. Brandcoll bilen ähli zerur zatlaryňyz gapyňyzda!

Aksiýaly Harytlary Sypdyrmaň

Brandcoll applikasiýasynda aksiýaly harytlary gözläň hem-de hakyky arzanladyşlardan we söwdadan lezzet alyň! Bir harytda berlen maglumatlar ýalňyşdyr öýtýäňizmi? Her bir harydyň aşagynda ýerleşdirilen “Haryt barada teklipler” bölüminden Brandcoll merkezine habar beriň! Harydyň bahalandyrmalaryna görä netije çykaryň! Iň gowy bahalandyrylan satyjylardan söwda ediň! Birmeňzeş harytlar tekjesinde öz saýlan harydyňyzyň meňzeşlerini görüň we olary biri-biri bilen deňeşdiriň!

Size Niýetlenen Ýörite Pul Ballary we Sowgat Çekleri, Halan Harytlaryňyzda Baha Habarnamasy

Brandcoll applikasiýasynda ýörite size niýetlenen pul ballaryny we sowgat çeklerini ulanyp, lezzet alyň! Halan harytlaryňyzy “Halaýanlarym” bölümine goş! Halan harytlaryňyzda baha arzanladyşy bolsa, baha habarnamasy arkaly size habar bereris.

Brandcoll applikasiýasyny ýükläň, Koton, Mango, Zara, Defacto, Adidas, Nike, Vans, Mavi, Pull&Bear, Bershka, Hotiç, HP, Apple, Samsung, Prima, Converse, Levi's, Victoria’s Secret, NYX Professional Make-Up, Vakko, Yargıcı, Casio, L'Oreal, Gucci we Prada ýaly markalaryň size niýetlän ýörite arzanladyşlaryndan we aksiýalaryndan habarsyz galmaň, dessine söwda ediň!

Ýüzlerçe Marka

Pull&Bear, Bershka, Massimo Dutti, Lacoste, Tommy Hilfiger, Ramsey, Oysho, Mango, Koton, Defacto, LC Waikiki, Gucci, Prada, Louis Vuitton, Fendi, D&G, Versace, Emporio Armani, Roberto Cavalli, Philipp Plein, United Colours of Benetton, Burberry, Michael Kors, Zara, Jack&Jones, GAP, Diesel, Calvin Klein, Dior, Victoria’s Secret, Pink, Penti, Intimissimi, NYX Professional Make-Up, Flormar, Mac, L'Oreal Paris, Bobbi Brown, Nike, Adidas, Under Armour, Reebok, Skechers, New Balance, Hotiç, Ella, Derimod, Kemal Tanca, Ziya, Cabani, Twist, Ipekyol, Yargıcı, Vakko, Mothercare, Divarese, Converse, Levi's, Madame Coco, U.S. Polo Assn., Pierre Cardin we ençemesi.

Tiz we Howpsuz Söwda

SSL Howpsuzlyk sertifikatlaşdyrmasy arkaly maglumatlaryňyz howpsuz ýagdaýda goralýar.

Her Gün Müňlerçe Täze Haryt

Egin-Eşik, aýakgap, aksessuar, market, sport enjamlary, sumka, petshop, öý bezeg serişdeleri we ýüzlerçe kategoriýadaky millionlarça harydyň hemmesi şu ýerde. Saýlamak siziň bilen! Nirededigiňize garamazdan göz gezdiriň, saýlaň we satyn alyň. Söwda etmek diýseň aňsat!

Her gün dürli kategoriýalara goşulýan müňlerçe täze haryt bilen täzelenen arzanladyşlaryň hemmesi şu ýerde.

24 Sagatda Kargo Pursaty

Alýan harytlaryňyzda 24 sagadyň dowamynda kargo pursaty arkaly, size gerek zatlaryňyz gapyňyza tiz wagtda gelsin!

Ratings and Reviews

5.0 out of 5
2 Ratings

2 Ratings

Enesh.D ,

Gaty govy

Sargytlar wagtynda gelyar we bahalaram arzan👍

App Privacy

The developer, Halil Dovletmyradov, indicated that the app’s privacy practices may include handling of data as described below. For more information, see the developer’s privacy policy.

Data Not Collected

The developer does not collect any data from this app.

Privacy practices may vary based on, for example, the features you use or your age. Learn More

Supports

  • Family Sharing

    Up to six family members will be able to use this app with Family Sharing enabled.

You May Also Like