
Iman Hazynasy
教育
仅适用于 iPhone
免费 · 专为 iPhone 设计
iPhone
Älemde iň beýik hakykat imandyr, imandan sоňra namazdyr!
Ynsan köşk mysaly binadyr. Onuň binýady imanyň sütünleridir. Ynsan daragtdyr. Köki hem imanyň esaslarydyr. Imanyň sütünlerinden iň möhümi imany-billahdyr (Alla iman getirmek), Alla imandyr. Soňra pygamberlere we haşyra (täzeden direlişe) ynanmakdyr. Şol sebäpli hem, ynsanyň birinji nobatda öwrenmeli ylmy iman ylmydyr. Ylymlaryň esasy, ylymlaryň şasy we patyşasy iman ylmydyr.
Iman diňe gysgaça tassyk etmekden ybarat däldir. Imanyň köp mertebeleri bardyr. «Öýkünme görnüşindäki iman» şu döwrüň hudaýsyzlyk we azgynlyk tupanynyň badyna derrew sönmek bilen bolýar. Hakyky iman bоlsa, asla sönýän däldir, ol mizemez güýçdür. Hakyky imana ýeten adamyň imanyna we yslamyýetine iň elhenç dinsizlik harasaty musallat bolsa, şol harasatlaryň bu hakyky iman güýjüne edip biljek zady bolmaz, onuň öňünde dyz çökmäge mejbur bolar. Hawa, hakyky imana ýeten kimsäni aňrybaş dinsiz pelsepeçiler hem dowla, şübhä düşürip bilmez.
Eý ynsanlar, beýik Türkmen döwletiniň her bir ýaşaýjysynyň ölmänkä hökmany okamaly kitaplaryny size hödürleýärin. Hatda bu kitaplar iň gyssag okamaly kitaplaryňyz. Özüňiz okaň, pursat barka ene-ataňyza, çagalaryňyza we doganlaryňyza-da okadyň. Mugallymyň Bellikleri 1,2,3; Hz.Muhammet 1,2; Her güne bir Hekaýa; Sahabalar, Saýlanan dogalar kitaplary arkaly ullakan hazynanyň gapysyny açarsyňyz.
Hiçbir Türkmene zorlap hem Alla ýok diýdirip bolmaýar. Emma ahyrýetde täzeden direliş meselesinde herkimiň kellesinde sorag belgisi bar. Ahyrýetde täzeden direliş, Allaň barlygy ýaly meseleleri akyl ýoly bilen düşündirýän bu kitaplar, enşalla siziň şeýle soraglaryňyza jogap bolar. Öwrenen zatlarymy öz kowmuma düşündirmegi özüme borç hasaplaýaryn. 15 ýyl bäri şu kitaplary size ýetirmegiň arzuwyny edip gelýärdim. Hudaýa ýüz müň şükür ahyry şol arzuwym amala aşdy.
Şany belent Kuranyň hormatyna, pygamberjanymyz Hz.Muhammet (saw)-iň hormatyna, gadym ilimde öten ähli pirleriň, welileriň hormatyna, Ylahym şu kitaby okan herbir adamyň kalbyny iman hakykatyna öwürsin.
Eziz Allamdan dilegim iman nury, hakykat güneşi şeýle eý görýän halkymyň ýüreginde mäkäm ornasyn. Hiç aýrylmasyn, sönmesin! Allahümme Ämin.
评分及评论
此 App 尚未收到足够的评分或评论,无法显示整体评分。
- Tow more books added
- App icon changed
- Some minor bugs fixed
开发者“Ahmet Kemal Ceylan”已表明该 App 的隐私规范可能包括下述数据处理方式。更多相关信息,请参阅 开发者隐私政策 。
未收集数据
开发者不会从此 App 中收集任何数据。
辅助功能
开发者尚未表明此 App 支持哪些辅助功能。 进一步了解
信息
- 提供者
- Ahmet Kemal Ceylan
- 大小
- 41.3 MB
- 类别
- 教育
- 兼容性
设备需装有 iOS 14.0 或更高版本。
- iPhone
设备需装有 iOS 14.0 或更高版本。 - iPod touch
设备需装有 iOS 14.0 或更高版本。 - Mac
需要 macOS 11.0 或更高版本以及装有 Apple M1 或更高版本芯片的 Mac。 - Apple Vision
设备需装有 visionOS 1.0 或更高版本。
- 语言
- 英语
- 年龄分级
4+
- 4+
- 版权
- © Ahmet Kemal Ceylan